Turkmenportal
Şu gün 15:06
44864486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen kinofilmleri «Göwher kebelek» kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyndan orun aldy
Türkmen kinofilmleri «Göwher kebelek» kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyndan orun aldy

Türkmen kinorežissýory S.Baýramowyň iki filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyna girdi.

Bu ýyl baýraga 19 ýurtdan 41 film dalaş edýär. Türkmenistan bäsleşige iki filmi hödürledi: «Gyzyl kürte» we «Ykbal daragty» (režissýory Sahysalyh Baýramow).

Kinobaýragyň saýtasynda habar berlişi ýaly, baýragyň gowşurylyş dabarasy 12-nji noýabrda Moskwada «Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasy» binasynda geçiriler.

Rus medeniýet gaznasynyň baş direktory Ýelena Golowninanyň belleýşi ýaly, «bäsleşigiň geografiýasy hakykatdan hem giň boldy — dünýäniň dürli künjeklerinden, Ýewropadan başlap, Latyn Amerikasyna çenli kinobaýraga işler hödürlendi».

Gatnaşyjylaryň arasynda Belarus, Wenesuela, Wýetnam, Müsür, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan we Efiopiýa ýaly ýurtlar bar.

«Göwher kebelek» kinobaýragy Ýewraziýa kinematografiýa sungat akademiýasynyň esasy çäresidir. Ony döretmek başlangyjy kinorežissýor Nikita Mihalkowa degişli. Ýewraziýa Kinoakademiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, baýrak aşakdaky 12 sany esasy ugur boýunça gowşurylýar:

1. Iň gowy film;

2. Iň gowy režissýor;

3. Iň gowy ssenariý;

4. Iň gowy operator;

5. Iň gowy kompozitor;

6. Iň gowy aktýor;

7. Iň gowy aktrisa;

8. Ikinji derejeli keşplerdäki iň gowy aktýor;

9. Ikinji derejeli keşplerdäki iň gowy aktrisa;

10. Iň gowy suratkeş;

11. Ýewraziýa giňişligine girmeýän ýurduň iň gowy filmi;

12. Dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin baýrak.