Turkmenportal
Şu gün 11:27
49624962
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde «Sejong medeniýet akademiýasy – 2026» maksatnamasy geçirilýär
Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde «Sejong medeniýet akademiýasy – 2026» maksatnamasy geçirilýär

6–10-njy noýabr aralygynda Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde «Sejong medeniýet akademiýasy – 2026» atly maksatnama geçirilýär. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar koreý dilini we medeniýetini kinematografiýa hem-de koreý teleseriallarynyň (dorama) mysalynda öwrenýärler. Maksatnamany Koreýanyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermegi bilen patyşa Sejong institutynyň gaznasy guraýar.

Okuw sapaklary Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilýär. Şu ýyl bu maksatnama dünýäniň 89 ýurdunda durmuşa geçirilýär. Sapaklary geçirmek üçin Türkmenistana Seulyň Hansong hususy uniwersitetiniň professory No Çon Yn we toparyň ýolbaşçysy Sok Çu Ýon geldiler.

Sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar koreý teleseriallarynyň dili öwrenýänleriň arasynda näme üçin meşhurdygyny ara alyp maslahatlaşýarlar, seriallaryň gahrymanlary bilen tanyşýarlar we olardan böleklere tomaşa edýärler. Özleşdirilen okuw materiallary interaktiw sorag-jogaplar we oýunlar arkaly berkidilýär. Gatnaşyjylar söz baýlygyny artdyrýarlar, koreý dilindäki gepleşige diňläp düşünmek ukyplaryny kämilleşdirýärler hem-de doramalardan bölekleri sesli okamak arkaly dogry aýdylyş endiklerini ösdürýärler.

Okuw sapaklary gatnaşyjylaryň dil taýýarlygynyň derejesine görä guralýar. Her toparda 25 adama çenli okuwçy bolýar. Bir sapagyň dowamlylygy takmynan iki ýarym sagada deňdir. Maksatnamanyň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Şunuň ýaly taslamalar koreý diliniň Türkmenistanda öwrenilmeginiň ösdürilmegine ýardam edýär. Bu dile bilim, söwda we halkara hyzmatdaşlygy ulgamlarynda uly isleg bildirilýär.

Koreý medeniýetiniň wekilleri bilen göni aragatnaşyk talyplaryň dili öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar, mugallymlara bolsa okatmagyň häzirki zaman usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Koreýanyň milli däp-dessurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmeginiň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.