Turkmenportal
Şu gün 10:20
57965796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Atatürkiň aradan çykan gününiň 88 ýyllygy bellenildi
Aşgabatda Atatürkiň aradan çykan gününiň 88 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan gününiň 88 ýyllygy mynasybetli hatyra çäresi geçirildi. Çäre Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, 10-njy noýabrda, sişenbe güni sagat 09:05-de ilçihananyň garşysynda ýerleşýän Atatürk seýilgähinde geçirildi.

Hatyra çäresine Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebejy, Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gozalow, Türkmenistandaky türk diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan çärä Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary gatnaşdy.

Çäre bir minutlyk dymyşlyk bilen başlandy. Soňra Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň döwlet senalary ýaňlandy. Ondan soň Türkiýäniň ilçihanasynyň wekili ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bu hatyra gününiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň harby gullukçylary tarapyndan gül çemeni Atatürkiň ýadygärliginiň öňünde goýuldy. Şondan soň Türkiýäniň ilçisi Şener Jebejy ýadygärligiň öňüne baryp, respublikanyň düýbüni tutujynyň hatyrasyna hormat bildirdi. Soňra diasporanyň, işewür toparlaryň wekilleri we çärä gatnaşyjylaryň beýleki agzalary hem ýadygärligiň öňünde gül desselerini goýdular.

Resmi maksatnama tamamlanandan soň, çärä gatnaşyjylar üçin Türkiýäniň ilçihanasynyň binasynda dürli tagamlar hödürlenildi.

Maglumat üçin: Mustafa Kemal Atatürk (1881–1938) — Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti. Ol 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy. Her ýyl bu gün Türkiýede we onuň çäklerinden daşarda sagat 09:05-de bir minutlyk dymyşlyk yglan edilip, onuň hatyrasy hormat bilen ýatlanýar.