Turkmenportal
Şu gün 17:13
16191619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-niň Federal Geňeşinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylygyna dalaşgär tassyklanyldy
RF-niň Federal Geňeşinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylygyna dalaşgär tassyklanyldy

Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Halkara işler boýunça komiteti 9-njy noýabrda geçiren mejlisinde rus parlamentiniň ýokary palatasynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylygyna dalaşgäri tassyklady. Bu barada senator Bair Jamsuýew özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi. Habarda dalaşgäriň ady agzalmaýar.

Bu karar RF-niň Parlamentara toparyny düzmek işiniň çäginde, Federal Geňeşe degişli bölegi boýunça kabul edildi. Mundan başga-da, senatorlar Federal Geňeşiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyndaky ygtyýarly wekiline dalaşgäri kesgitlediler hem-de daşary ýurt parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk toparlarynyň düzümine girizilen üýtgeşmeleri tassykladylar.

Federal Geňeşiniň maglumatlaryna görä, öň bu topara Federal Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Jabarow ýolbaşçylyk edipdi. Ol şeýle wezipede Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň 7-nji oktýabrda Awazada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen geçiren duşuşygyna gatnaşypdy.