Turkmenportal
Şu gün 16:22
57395739
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belavia» awiakompaniýasy Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň tertibini 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli täzeledi
«Belavia» awiakompaniýasy Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň tertibini 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli täzeledi

Belarus Respublikasynyň «Belavia» awiakompaniýasy Minsk bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky 2026-njy ýylyň noýabr aýyndan 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli döwür üçin howa gatnawlarynyň tertibini çap etdi. Uçar gatnawlary her ugur boýunça hepdede iki gezek amala aşyrylýar.

Minsk – Türkmenbaşy (B2 0745 belgili gatnaw)

Uçarlar gatnawlary sişenbe we şenbe günleri amala aşyrar.

2026-njy ýylyň 7-nji noýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli Minskden uçuş sagat 22:30-da meýilleşdirilýär. Türkmenbaşy şäherine sagat 04:55-de gelýär. Ýoluň dowamlylygy 4 sagat 25 minuta deň.

Bu ugur boýunça «Embraer 195» kysymly uçarlar aşakdaky döwürlerde gatnawlary amala aşyrar:

  • 2026-njy ýylyň 7-nji noýabryndan 15-nji dekabryna çenli;

  • 2026-njy ýylyň 19–29-njy dekabry aralygynda;

  • 2027-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan 27-nji martyna çenli.

2027-nji ýylyň 30-njy martyndan başlap, uçuş wagty 22:40-a geçirilýär, Türkmenbaşy şäherine gelýän wagty bolsa 04:55 bolmagynda galýar. Gatnawyň dowamlylygy 4 sagat 15 minuta deň bolar.

31-nji iýula çenli gatnawlar «Embraer 195» kysymly uçarlar arkaly ýerine ýetiriler. 3-nji awgustdan 28-nji sentýabra çenli sişenbe günlerindäki gatnaw «Boeing 737-8», 7-nji awgustdan 25-nji sentýabra çenli bolsa şenbe günlerindäki gatnaw «Boeing 737-800» kysymly uçarlar arkaly amala aşyrylar.

2027-nji ýylyň 2–26-njy oktýabry aralygynda sişenbe we şenbe günleri gatnawlar ýene-de «Embraer 195» kysymly uçarlar arkaly ýerine ýetiriler. Çap edilen tertipde iň soňky uçuş 2027-nji ýylyň 30-njy oktýabryna meýilleşdirilýär.

Türkmenbaşy – Minsk (B2 0746 belgili gatnaw)

Bu ugur boýunça uçarlar gatnawlary çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrar.

2026-njy ýylyň noýabr aýynda aýratyn gatnawlar göz öňünde tutulýar: gatnawlar 8-nji noýabrda (ýekşenbe), 11-nji noýabrda (çarşenbe) we 15-nji noýabrda (ýekşenbe) amala aşyrylar.

2026-njy ýylyň 18-nji noýabryndan 2027-nji ýylyň 24-nji martyna çenli çarşenbe we ýekşenbe günleri «Embraer 195» kysymly uçarlar gatnar. Türkmenbaşy şäherinden uçuş sagat 05:45-de amala aşyrylyp, Minsk şäherine sagat 08:20-de baryp ýetýär. Ýoluň dowamlylygy 4 sagat 35 minuta deňdir.

2027-nji ýylyň 28-nji martyndan başlap, uçuş wagty 05:55-e geçirilýär, Minsk şäherine gelýän wagty bolsa sagat 08:05-de bolar. Gatnawyň dowamlylygy 4 sagat 10 minuta deň. 1-nji awgusta çenli gatnawlar «Embraer 195» kysymly uçarlar arkaly ýerine ýetiriler. 4-nji awgustdan 29-njy sentýabra çenli çarşenbe günlerindäki gatnaw «Boeing 737-8», 8-nji awgustdan 26-njy sentýabra çenli bolsa ýekşenbe günlerindäki gatnaw «Boeing 737-800» kysymly uçarlar arkaly amala aşyrylar. 2027-nji ýylyň 3–27-nji oktýabry aralygynda çarşenbe we ýekşenbe günleri gatnawlar ýene-de «Embraer 195» kysymly uçarlar arkaly ýerine ýetiriler. Bu çap edilen tertipde görkezilen iň soňky senedir.

Uçuş we gonuş wagtlary ýerli wagt boýunça görkezilýär. Gatnawlar we petekleriň elýeterliligi baradaky iň täze maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan anyklap bilersiňiz.