Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýurdumyzyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda 21-nji noýabrda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Simfoniýanyň jadysy» atly konsertine ähli sungat muşdaklaryny çagyrýar.
Sazly agşamyň maksatnamasyna D. Şostakowiçiň we P. I. Çaýkowskiniň dünýä belli saz eserleri girizildi.
Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Konsertiň peteklerini satyn almak bilen bagly goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 724512; 8 (63) 467177.
