Turkmenportal
Düýn 11:46
1294812948
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Balyk» restorany myhmanlara gapylaryny açmaga taýýarlanýar
«Täze Balyk» restorany myhmanlara gapylaryny açmaga taýýarlanýar

Aşgabat — Mary awtomobil ýolunyň 8-nji kilometrinde täze «Täze Balyk» restorany myhmanlaryna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Birwagtda 500 myhmany kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu restoran özüniň baý menýusy bilen tapawutlanýar.

Iki gatdan ybarat bolan desganyň 1-nji gatynda 70 adama niýetlenen maşgala kafesi ýerleşýär. Bu ýerde maşgala bolup rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilendir, şol sanda çagalar üçin ýörite oýun otagy hem-de 14 adama niýetlenen döwrebap karaoke kabinkasy göz öňünde tutulypdyr.

Binanyň 2-nji gatynda 200 orunlyk kaşaň restoran zaly ýerleşýär. Bu ýer baýramçylyk çärelerini, toý we beýleki dabaralary geçirmek üçin örän amatlydyr.

Açyk howada dynç almagy gowy görýänler üçin 160 orunlyk giň eýwan hem-de 6, 8 we orunlyk 6 sany aýratyn kabinka hyzmat eder.

Restoranyň menýusynda dürli görnüşli tagamlar hödürlenilýär, hususan-da, balykdan taýýarlanan naharlar aýratyn orun eýeleýär.

«Täze Balyk» restorany ýokary hilli hyzmatlary we tagamly naharlary bilen myhmanlaryna garaşýar.

Salgysy: Aşgabat — Mary ýolunyň 8-nji kilometri, «Täze Balyk» restorany.