Ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda geçirilen iş maslahatynda bellenildi.
Iş maslahatynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda söwda toplumyna degişli ministrliklerde, edara-kärhanalarda we telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
