Turkmenportal
Düýn 16:26
47434743
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylda geçirilen halkara çäreler barada ýerli KHBS-niň wekilleri üçin brifing geçirdi
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylda geçirilen halkara çäreler barada ýerli KHBS-niň wekilleri üçin brifing geçirdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Duşuşyk 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen esasy halkara çärelere hem-de türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Brifingiň dowamynda žurnalistlere Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar barada giňişleýin maglumat berildi. Bu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär.

Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli çärelere aýratyn üns berildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäreler sebit dialogyny ösdürmekde, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde, şeýle hem ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm tapgyr boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi barada hem maglumat berildi. Mejlisiň dowamynda döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, TAPI gaz geçirijisi, TAP elektrik geçiriji taslamasy, şeýle hem ulag we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek ýaly bilelikdäki sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň sebit dialogyny ösdürmekde we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Brifing Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlary we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada Pakistanyň jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat bermek üçin netijeli meýdança boldy.