Turkmenportal
07.11.2026
74897489
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Walensiýa» bilen «Realyň» hem-de «Atletiko» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşyklar «Belet» platformasynda görkeziler
«Walensiýa» bilen «Realyň» hem-de «Atletiko» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşyklar «Belet» platformasynda görkeziler

«Belet» striming platformasy 7–9-njy noýabr aralygynda Ispaniýanyň, Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň futbol çempionatlarynyň oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer. Dynç günleriniň esasy duşuşyklary «La Liganyň» öňdebaryjy toparlarynyň arasynda geçiriler. «Real» myhmançylykda «Walensiýa» bilen, «Barselona» bolsa «Atletiko» bilen duşuşar. Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen görkezilýär.

Şenbe, 7-nji noýabrda

  • 19:30 – «RB Leýpsig» – «Augsburg»

  • 19:30 – «Maýns» – «Bawariýa»

  • 19:30 – «Borussiýa» Dortmund – «Elwersberg»

  • 22:30 – «Nottingem Forest» – «Mançester Siti»

  • 23:00 – «Galatasaraý» – «Amed»

Ýekşenbe, 8-nji noýabrda

  • 01:00 – «Walensiýa» – «Real Madrid»

  • 01:05 – «PSŽ» – «Trua»

  • 19:00 – «Sanderlend» – «Çelsi»

  • 20:00 – «Çorum» – «Fenerbahçe»

  • 21:30 – «Mançester Ýunaýted» – «Aston Willa»

Duşenbe, 9-njy noýabrda

  • 01:00 – «Atletiko Madrid» – «Barselona»