«MiniBoss» we «BigBoss» işewürlik mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem «RoyalBritishSchool», «Leonardo» we «Einstein» mekdepleriniň okuwçylary üçin güýzki dynç alyş günleri diňe bir dynç almak üçin pursat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, täze bilimleri öwrenmek, ýatda galyjy täsirleri duýmak we amaly tejribe toplamak üçin amatly mümkinçilik boldy.
Dynç alyş günlerinde okuwçylar kärhanalarda geçirilen birnäçe gyzykly ussatlyk sapaklaryna we öwrediji gezelençlere gatnaşdylar. Her bir duşuşyk çagalar üçin dürli guramalaryň işi bilen tanyşmaga, dürli hünärleriň inçe aýratynlyklaryny öwrenmäge we pikirleriň amaly taslamalara hem-de önümlere nähili öwrülýändigini görmäge mümkinçilik döretdi.
Maksatnamanyň çäklerinde okuwçylar «Bir hereket» syýahatçylyk kompaniýasynyň, «Arome» parfumeriýa dükanynyň, «Asushi» ýapon aşhanasy restoranynyň, «DÄP» egin-eşik dükanlar zynjyrynyň we «Express-pizza» tiz eltip bermek kompaniýasynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Olar üçin döredijilik ussatlyk sapagy «Studiýa-22» dizaýn-studiýasynda geçirildi, «Duman» şou-rumynda bolsa olar zergärlik sungaty bilen tanşdylar.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, ýaş okuwçylaryň diňe bir hünärmenleriň işine syn etmän, eýsem, amaly işlere özleriniň hem işjeň gatnaşmaklary, öz güýçlerini synap görmekleri, gyzyklandyrýan soraglaryny bermekleri we özleri üçin täze ugurlary açmaklary aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Guramaçylaryň pikiriçe, şeýle çäreler bilesigelijiligi, döredijilik pikirlenmesini, aragatnaşyk başarnyklaryny we telekeçilik endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. Çünki hakyky işewürlik diňe bir nazary bilimlerden däl, eýsem, daş-töweregiňdäki mümkinçilikleri görmek, sorag bermek we täze zatlary synap görmekden çekinmezlik başarnygyndan başlanýar.
Güýzki dynç alyş günleri tamamlandy, emma guramaçylar täze pikirleriň, bilimleriň we tejirbäniň okuwçylary täze beýik üstünliklere ruhlandyrjakdygyny belleýärler. Şeýle hem olar ähli kompaniýalara we olaryň wekillerine myhmansöýerlik, gyzykly duşuşyklar, professionalizm we ýaş telekeçileriň täze nesliniň ösüşine goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärler.
Maglumat üçin
«MiniBoss» we «BigBoss» çagalar we ýetginjekler üçin halkara işewürlik mekdepleriniň zynjyryna girýär. Bu zynjyr 27 ýurtda 70-den gowrak şahamçada iş alyp barýar. Okuw maksatnamasynda öz okuw işewürlik taslamalaryňy döretmek, halypalyk we startap-forumlara hem-de halkara çempionatlaryna gatnaşmak göz öňünde tutulandyr. Aşgabatda mekdepler eýýäm startap-forumy geçirdiler, onda okuwçylar öz taslamalaryny maýadarlara we hünärmenlere tanyşdyrdylar.
«Leonardo Art School» mekdep okuwçylary üçin döredijilik sapaklaryny birleşdirýär. «Einstein Science School» – çagalar üçin ylmy mekdepdir. Aşgabatdaky «Royal British School» çagalar üçin iňlis dili okuwlaryny guraýar.
Türkmenistanda «MiniBoss», «BigBoss» we «Leonardo» mekdepleriniň wekili hökmünde ýurtda ilkinjileriň biri bolup, çagalar we ýetginjekler üçin bilim taslamalaryny ösdürýän «Iş Nokady» koworking-merkezi çykyş edýär.
Ýazylmak we giňişleýin maglumat almak üçin: +993 12 46-81-65 («Berkarar» SDAM), +993 63 48-53-80 («Arkaç» SDAM).
