Turkmenportal
Düýn 23:34
706706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurtda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek häzirki döwürde zähmet we iş üpjünçilik ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda Halkara Zähmet Guramasynyň binýatlaýyn ýörelgelerinden ugur alynýar. Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygyny üpjün etmek ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Sebitara forumda bellenilişi ýaly, sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu ugurda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumynyň «Merkezi Aziýa+Azerbaýjan Respublikasy» görnüşinde ilkinji gezek geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde sebitara möçberinde şu forumyň geçirilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini bilelikde çözmekde tagalla edilýändigini görkezýändigini nygtadylar. Zähmet bazarynda bolup geçýän üýtgeşmeler, sanlylaşdyrmak, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleri taýýarlamak meseleleri, işgärleriň zähmet we durmuş goraglylygy kärdeşler arkalaşyklaryndan täzeçil çemeleşmeleri we ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitara forumyň diňe bir özara pikir alyşmak üçin däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunda ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň toplan tejribesi uly ähmiýete eýedir.

Goňşy ýurtlaryň wekilleri sebit döwletleriň ilatynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmeginde kärdeşler arkalaşyklarynyň utgaşykly işiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şunda hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmakda, özara okuwlary guramakda sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Iş üpjünçilik, zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda özara hyzmatdaşlyk Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär. Çykyş edenler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Sebitara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyga işjeň häsiýet mahsus boldy. Duşuşygyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara tejribe alyşmak we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.