Turkmenportal
Düýn 23:18
11871187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6  göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 101,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 101,4 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,1 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, ýurtda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça geçirilýän zerur işleri, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.