Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 590 medal gazandylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenler halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 179 altyn, 188 kümüş, 223 bürünç medal gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi, şeýle hem sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.