Turkmenportal
Düýn 22:35
17891789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 114 göterim ýokarlandy  

Türkmenistanda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 114 göterim ýokarlandy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6  göterim ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji nah ýüplügiň önümçiliginde 103,4 göterime, nah matalarynda 101,7 göterime, tikin we trikotaž önümlerinde 103,6 göterime, gön önümlerinde 100,4 göterime deň boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini  106 göterime barabar boldy.  Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime barabar boldy.

2026-njy ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we 10  maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek işlerini dowam etmegi hem-de hususy pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.