Turkmenportal
Düýn 22:20
19891989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işi kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowa gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer, ilki bilen, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 118,8 göterim berjaý edildi. Öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 102,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132 göterim, Energetika ministrligi boýunça 103,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 122,9 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133 göterim berjaý edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, himiýa kärhanalaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, elektrik energiýasyny öndürmek, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.