Turkmenportal
Düýn 22:06
19671967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.