2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 20 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine salgylanyp, «Report» ýazýar.
Hasabat döwründe Azerbaýjan 20 müň 389 sany türkmenistanly jahankeşdäni kabul etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda şu ýylyň 8 aýynda Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça üçünji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orna Gazagystan (72,7 müň), ikinji orna Özbegistan (50,2 müň) ýerleşdi.
Umumylykda alnanda, ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjana baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 1,58 milliona deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8 göterim azdyr.