Turkmenportal
Düýn 17:15
69586958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dokmaçysy tafting usulynda uly portret döretdi

Türkmenistanda däp bolan keşbi häzirki zaman sungaty bilen utgaşdyrýan «Zenan medeni kod hökmünde» atly awtorlyk dokma işi tanyşdyryldy. Awtor zenanyň keşbiniň üsti bilen medeni ýadygärligi, nesilleriň dowamlylygyny we milli aýratynlyklaryň gözelligini açyp görkezmegi maksat edinipdir.

Iş tafting usulynda el bilen ýerine ýetirilipdir. Onuň beýikligi takmynan iki metre deňdir. Makrameden ýasalan uzyn saçlar we milli başgaby ýatladýan aýratynlyklar özüne çekiji keşbiň üstüni ýetirýär. Ýüplügiň fakturasy surata göwrüm berýär: sapaklaryň örülen ýerleri we el işiniň yzlary golaýdan has gowy görünýär.

Awtoryň aýtmagyna görä, taslamany döretmek pikiri milli keşplere bolan gyzyklanmadan we olar barada häzirki zaman dizaýnynyň dili bilen gürrüň bermek isleginden döräpdir. Işdäki zenan keşbi asyllylygyň, gözelligiň we milli kökler bilen baglanyşygyň nyşanyna öwrülýär. Ol ozaldan gelýän ýörelgeleri saklaýar, ýöne muzeý eksponatyna meňzänok: bu özboluşlylyga we sungata aýratyn orun berilýän içerki dizaýnlar (interýerler) üçin döredilen häzirki zaman eseridir.

Bu sungat eserini döretmek üçin dokma önümleri we ýüplükler ulanylypdyr. Elde dokamak usuly ýumşak relýefi we suratyň ýörite çuňlugyny gazanmaga mümkinçilik berdipdir. Awtor sungatyň diňe bir giňişligi bezemek bilen çäklenmän, eýsem, duýgy oýarmagynyň, asyl kökleri ýatlatmagynyň we tanyş medeni nyşanalary täzeçe görmäge kömek etmeginiň özi üçin möhümdigini nygtaýar.

Bu iş myhmanhananyň, restoranyň, döredijilik studiýasynyň, medeni giňişligiň, myhman otagynyň ýa-da hususy ýerleriň interýerinde esasy üns çekiji aýratynlyk bolup biler: mysal üçin, girelgede, eýwanda, fotosurat zolagynda ýa-da çäre geçirilýän meýdançada. Berkidiji ýeriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp saýlanylyp alynýar.

Habarlaşmak üçin awtoryň telefon belgisi: +993 62 47-76-40