Turkmenportal
Düýn 16:59
71267126
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ene tebigat» atly halkara sergä gezelenç guraldy

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ene tebigat» («Mama-Nature») atly halkara sungat sergisine gezelenç guraldy. Sergi Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen guraldy.

Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Sadat Ýusifowa gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem mugallymlar, talyplar we jemgyýetçiligiň wekilleri boldy.

Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sergide görkezilen sungat eserleri bilen tanyşdylar hem-de taslamanyň esasy maksady we düşünjesi barada maglumat aldylar.

Sergi 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açyldy we 2026-njy ýylyň 30-njy noýabryna çenli dowam eder.