Turkmenportal
Düýn 15:53
74637463
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyndaky çykyşyny tamamlaýandygyny yglan etdi

«Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi, hüjümçi Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyndaky çykyşlaryny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada ol özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

«Şu gün milli ýygyndynyň 7 belgili köýnegini goýup gitmeli günüm geldi. Indi bu belgini geljekki nesle tabşyrmagyň wagty ýetdi» — diýip, Kriştianu Ronaldu wideo ýüzlenmesinde öz janköýerlerine ýüzlendi.

30-njy sentýabrda, türgenleşik ýygnanyşygynyň ortasynda Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýerini terk edip gidipdi. Futbolçynyň sözlerine görä, muňa toparyň baş tälimçisi Žorže Žežuşyň oňa beren wadasyny iki gezek ýerine ýetirmezligi sebäp bolupdyr.

Futbolçy Milletler ligasynyň täze möwsüminiň Uelsiň ýygyndysyna garşy geçirilen ilkinji duşuşygyna (1:0) gatnaşdy. Emma norwegiýalylara garşy oýunda (2:1) ätiýaçdaky futbolçylaryň hatarynda galdy. Ronaldu özüniň düşündirişine görä, aslynda ol şol duşuşykda meýdança çykmaly däl eken. Ýöne tälimçi ondan 30 minutlap oýna goşulmaga taýýar bolmagyny haýyş edip, bedenini ýazmaga iberipdir. Muňa garamazdan, futbolçy oýnuň dowamynda ätiýaçdaky oturgyçda galdyrylypdyr. Soňra Ronaldu milli ýygyndydaky çykyşlaryny tamamlamak niýetiniň ýokdugyny we ýygynda çagyrylmaga hemişe taýýardygyny mälim edipdi.

Şondan soň Portugaliýanyň Futbol federasiýasy hüjümçini bir aý möhlet bilen milli ýygyndynyň oýunlaryndan çetleşdirdi we oňa 255 ýewro möçberinde jerime saldy. Indi onuň ýygyndynyň oýunlaryndan çetleşdirilme möhleti tamamlanýandygy sebäpli, Ronaldu Milletler ligasynyň Daniýanyň (14-nji noýabr) we Uelsiň (17-nji noýabr) ýygyndylaryna garşy geçiriljek nobatdaky duşuşyklaryna gatnaşyp biljekdi.

Ronaldu 41 ýaşynda. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir. Futbolçy milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçirmek bilen, birnäçe rekordlaryň eýesidir.

Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edip gelýär. Futbol ýolunyň dowamynda ol Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynyň düzüminde hem oýnady. Ronaldu futbol ýolunyň dowamynda jemi 985 gol geçirdi. Şolaryň 150-si milli ýygyndynyň, 835-si bolsa klub derejesindäki çykyşlarynyň paýyna düşýär.