Turkmenportal
Düýn 14:48
57925792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Yhlas Kagyz» CIET-2026 sergisi mynasybetli amatly bahadan «Zoomlion» awtokranlaryny hödürleýär

Hytaýyň «Zoomlion» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolan «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy Aşgabatda 3 – 5-nji noýabr aralygynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET-2026) halkara sergisi mynasybetli awtokranlara ýörite teklipleri taýýarlady.

1992-nji ýylda esaslandyrylan «Zoomlion» kompaniýasy gurluşyk we oba hojalygy üçin 12 tonnadan 3200 tonna çenli ýük göterijilik ukyby bolan ýokary hilli tehnikalary öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine doly uýgunlaşan we şäher gurluşygynda hem-de nebit-gaz taslamalarynda giňden ulanylýan bu awtokranlaryň esasy tapgyrlary aşakdakylardan ybaratdyr:

  • ZTC we QY tapgyrlary: Şäher gurluşygy üçin niýetlenen ZTC250 (25 t), ZTC300V (30 t), ZTC500 (50 t) we ZTC1000V (100 t) modelleri.

  • ZAT tapgyry (Ählitaraplaýyn hereket edýän kranlar – All-Terrain): Iri senagat we infrastruktura desgalary üçin ZAT600V (60 t), ZAT1600V (160 t), ZAT2000V (200 t) we ZAT9000 (900 t) kysymly kranlar.

  • ZRT tapgyry (Çatrykly we ýolsyz ýerler üçin – Rough-Terrain): Ýolsuzlyk we agyr relýef şertlerinde işlemek üçin ZRT400 (40 t), ZRT600 (60 t), ZRT900 (90 t) we ZRT1100 (110 t) modelleri.

«Yhlas Kagyz» HK tehnikalary satmak we kärendesine bermek bilen bir hatarda, doly serwis hyzmatlaryny amala aşyrýar. Kärhananyň Aşgabatdaky we Owadandepedäki bazalaryndan tehnikalary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş materiallaryny satyn alyp bolýar, zerur bolan halatynda bolsa şaýlar Hytaýdaky zawoddan gysga möhletde getirip berilýär.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükany, 3-nji gaty «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.

Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin ýerleşýän ýeri Aşgabat ş. «Altyn Asyr» Gündogar bazary we Owadandepe önümçilik bazasy.

  • +99363 42-90-03 - Tehnika söwdasy üçin soraglar boýunça. E-mail: geldi3649@gmail.com;

  • +99363 42-90-06; +99363 42-90-07 – ätiýaçlyk şaýlary üçin. E-mail: yhlaskagyz11@gmail.com;

  • +99363 42-90-02 – serwis hyzmaty üçin.