Turkmenportal
Düýn 12:18
72017201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.

Ministriň оrunbasarynyň bellemegine görä, geljekki hünärmenleriň telekommunikasiýa, programma üpjünçiligi, emeli aň, maglumatlary derňemek, kiberhowpsuzlyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary ugurlaryndaky amaly endiklerine aýratyn üns berler.

Hyzmatdaşlygyň çäginde edara sanly gurluşyk, telekommunikasiýa, emeli intellekt, zatlaryň interneti (IoT), akylly dolandyryş we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda tejribe alyşmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bilelikdäki ylmy-amaly taslamalary durmuşa geçirmek we talyplaryň hem-de ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

B.Berdiýew munuň halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny taslamaga, döretmäge, ornaşdyrmaga we olary netijeli dolandyrmaga ukyply milli hünärmenleri taýýarýmaga mümkinçilik berjegini belledi.

Ministriň orunbasary ýatladyşy ýaly, Arkadag şäheri Türkmenistanyň ilkinji «akylly şäheri» boldy. Onda döwrebap telekommunikasiýa düzümi döredildi: ähli ýaşaýyş jaýlaryna we binalara süýümli-optiki aragatnaşyk liniýalary çekildi, GPON tehnologiýasy, IP-telewideniýe, ýokary tizlikli internet we ösen öýjükli aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyryldy. «Akylly öý» ulgamynyň çäginde elektrik energiýasynyň, gazyň we suw sarp edilişiniň sanly ölçeg enjamlary, şeýle hem syzmalary ýüze çykaryjy datçikler goýuldy.

Ol şeýle hem Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň 2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda işe girizilendigini, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa bäşinji nesil aragatnaşygynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem işläp başlandygyny ýatlatdy.

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan maslahat Aşgabatda 3 — 5-nji noýabr aralygynda geçirilýär.