2-nji noýabrda Pariž şäherinde Fransiýanyň «Bouygues» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Marten Buige Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda, sylagy Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda diplomat bu sylagyň Marten Buigiň türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşanydygyny belledi. Şeýle hem ol «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna we işgärler düzümine Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri hem-de Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbiniň kemala gelmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynda iki ýurduň hünärmenleri iri taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe topladylar.
Çykyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy berkitmekde we halkara dialogy ösdürmekde eýeleýän orny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan goşandy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bu syýasatyň yzygiderli dowam etdirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Marten Buig bu sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurduň özboluşly ösüş ýoluna eýermek, parahatçylygy ileri tutmak we dialogy ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryny şöhlelendirýär. Ol türkmen halkynyň myhmansöýerligine we baý medeni mirasyna ýokary baha berip, türkmen halylaryny hem-de ahalteke bedewlerini aýratyn nygtady.
Marten Buigiň habar bermegine görä, «Bouygues» topary 1994-nji ýylda Türkmenistanda işe başlaly bäri umumy meýdany 1,3 million inedördül metre barabar bolan 70-e golaý taslamany durmuşa geçiripdir. Olaryň hatarynda Prezident köşgi, Gypjakdaky metjit, şeýle hem «Oguzkent», «Ýyldyz» we «Arkadag» myhmanhanalary bar. Ol bilelikde alnyp barlan işler üçin türkmen we fransuz hünärmenlerine minnetdarlyk bildirip, kompaniýanyň işgärleriniň ýurtda bina edilen desgalaryň halkyň hyzmatynda durýandygyna aýratyn buýsanýandyklaryny belledi.
Dabaradan soňra geçirilen söhbetdeşlikde Marten Buig gowşurylan sylagyň kompaniýa üçin Türkmenistanda alyp barýan işlerini dowam etdirmäge we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge goşmaça itergi bolandygyny nygtady.