Turkmenportal
Düýn 09:55
64426442
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen we rus hünärmenleri bilelikde täze okuw gollanmalaryny taýýarladylar

Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň oktýabrynda baglaşylan hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň çäklerinde türkmen we rus mugallymlary hem-de alymlary tarapyndan Türkmenistanyň bilim edaralary üçin okuw gollanmalary işlenip taýýarlanyldy we neşir edildi. «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze neşirleriň hatarynda «Sanly bilim gurşawynda pedagogyň başarnyklaryny ösdürmäge ulgamlaýyn çemeleşmek», «Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirki zaman meýiller we innowasion tejribe», «Hünär biliminiň inklýuziw jähtleri» atly ylmy we okuw-usuly gollanmalar, şeýle hem 1 — 4-nji synplar üçin «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersi boýunça iş depderleri bar.

Neşirlerde sanly bilim gurşawynda mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, emeli aň tehnologiýalaryny okuw işinde ulanmak, innowasion okatmagyň usullary, inklýuziw bilimi guramak hem-de başlangyç synp okuwçylarynyň bilim, terbiýeçilik işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleler beýan edilýär.

21 — 27-nji oktýabrda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň çäklerinde täze neşirler bilim işgärlerine tanyşdyryldy. Okuwlaryň dowamynda täze neşirleriň okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanylyşy boýunça usuly maslahatlar berildi. Şeýle hem türkmen we rus hünärmenleri 2027-nji ýylda bilelikde taýýarlanylmagy meýilleşdirilýän täze okuw serişdeleri barada pikir alyşdylar.