Germaniýanyň BMW awtokonserniniň girdejileri 2026-njy ýylyň geçen dokuz aýynda 2025-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 35,2 göterim azaldy. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanýan TASS habar berdi.
Göterimleri we salgytlary hasaplamazdan öň girdeji 5,2 milliard ýewrony düzdi. Bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz netijedir. Geçen dokuz aý üçin sap girdeji 4,3 mlrd ýewro deň boldy, bu-da 2025-nji ýyldakydan 24 göterim pesdir. Dolanyşyk 92,7 mlrd ýewrony düzdi, bu 7,3 göterim azdyr.
Germaniýanyň awtoulag senagaty soňky ýyllarda kynçylygy başdan geçirýär, muňa ilkibaşda COVID-19 ýokanjy, 2022-nji ýyldan energiýa göterijileriniň nryhynyň gymmatlamagy, şeýle hem hytaýly awtoulag öndürijiler tarapyndan ösen bäsdeşlik sebäp boldy. Goşmaça ýaramaz täsirleri ABŞ-nyň gümrük paçlary we Ýakyn Gündogardaky krizisiň netijeleri döretdi.