Turkmenportal
04.11.2026
1062310623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan bölegi açyldy  

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Prezident iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu bölegiň açylyş dabarasy sanly ulgam arkaly geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen açylan Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr. Ýoluň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen 3,5 metr bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirildi.