Turkmenportal
04.11.2026
1507015070
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen badalga berlen Aşgabat şäheriniň «Oguz han» suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan umumy uzynlygy 546 km bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly iki sebiti amatly birleşdirýän döwrebap awtomobil ýoludyr. Ýol dört tapgyra bölünip — 0 – 9-njy km paýtagt ýoly bolup, onuň ýer düşeginiň ini 65 metr, jemi 8 zolakly giň magistral bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýoly, gök zolaklar we ýanýodalar arkaly şäher içindäki hereket doly kämilleşdirilýär. 9 – 48-nji kilometriň ini 34 metrdir. 6 zolakly hereket arkaly ulag akymynyň bökdençsizligi üpjün edilýär. 48 – 527-nji kilometriň ýer düşeginiň ini 26,5 metr bolup, 4 zolakly bu ägirt bölek sebitara söwdany we syýahatçylygy täze sepgitlere çykarýar. 527 – 546-njy kilometriň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 zolakdan ybaratdyr. Ýoluň ugrunda 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy hyzmat eder. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin polisiýanyň ýol gözegçilik nokadynyň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär.