Turkmenportal
04.11.2026
92029202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ADAT Täze ýyl harytlary» dükanynda täze ýyl söwdasy başlandy

Aşgabatdaky «ADAT Täze ýyl harytlary» dükanynda täze ýyl möwsümi açyldy. Dükanyň zallarynda dürli ölçegdäki täze ýyl arçalary, şol sanda stolda goýulýan ykjam görnüşlerden başlap, beýikligi bäş metre ýetýän arçalar, şeýle hem dürli reňkli çyralar, arça şarlary we oýunjaklary, ýumşak oýunjaklar hem-de sowgatlyk harytlar hödürlenilýär.

Harytlaryň hatarynda yşykly perdeler we şnurlar, uly çyraly şarlar, Aýaz baba we Santa-Klaus heýkelleri, bezeg ýassyklary ham-da ýorganlar, sowgatlyk garly şarlar, baýramçylyk başgaplary we täze ýyl saçagy üçin niýetlenen şekiljikler bar. Harytlaryň birnäçe görnüşine arzanlaşyklar hereket edýär.

Dükanda Türkmenistanda täze ýyl harytlarynyň iň baý görnüşleriniň hödürlenilýändigini belleýärler. Bu ýerde harydyň hiline we bahasynyň amatlylygyna aýratyn üns berilýär: satyjylaryň bellemeklerine görä, «ADAT» dükanyna köp ýyldan bäri gelýän dowamly alyjylara amatly teklip gözläp, şäheri aýlanmagyň geregi ýok. Paýtagtdan başga ýerlerde ýaşaýanlar üçin bolsa ýurduň bäş welaýatyna eltip bermek hyzmaty ýola goýuldy. 

Dükan üçin harytlar Ýewropadan we Hytaýdan getirilip, kompaniýa gönüden-göni haryt ugradyjylar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bu ugurdaky işini 1999-njy ýyldan bäri alyp barýar.

Dükan diňe bir bölek ýa-da lomaý söwda bilen çäklenmän, eýsem, restoranlary, kafeleri, kärhanalary we hususy öýleri baýramçylyga görä bezemek hyzmatlaryny hem hödürleýär. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, sargytçy üçin tapawudy ýok: isle restoranyň zaly bolsun, isle öýüň myhman otagy bolsun, bezeg işleriniň ählisine uly üns berilýär.

Dükanyň şygary: «Adat täze ýyl harytlaryny görmän, täze ýyl harytlaryny almaň».

Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Annaýew köçesi (A. Ostrowskiý), 30-njy etrapça, «Medet» binasy.

Telefon belgileri: +993 63 02-02-40, +993 62 85-18-81.

Sosial ulgamdaky sahypasy.