6–7-nji noýabrda Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Çäre Hytaýyň 9-njy halkara import sergisiniň çäklerinde guralar.
Forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek we özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança bolar.
Forumyň ähmiýeti barada düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň arasynda geçirilen duşuşykda pikir alşyldy.
Mundan ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Halkara import sergisinde (CIIE) milli pawilýony bilen çykyş eder.