Turkmenportal
04.11.2026
1043110431
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de çäkleri meýilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Gepleşikleriň gün tertibinde 2027 — 2031-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler, şol sanda geljekki döwür üçin özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek aýratyn orun eýeledi.