Türkmenistanyň paýtagty Birleşen Milletler Guramasy, halkara ösüş institutlary we dürli ýurtlaryň şäherleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Bu barada Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow «CIET-2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde geçirilýän BMG-niň ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Rahym Gandymowyň sözlerine görä, häzirki zaman şäheri diňe bir binalardan, ýollardan we inženerçilik desgalaryndan ybarat bolman, eýsem, ilkinji nobatda, adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy we ösmegi üçin amatly gurşaw bolup durýar. Ol dünýäniň şäherleriniň howanyň üýtgemegi, energiýa we suw serişdelerine bolan islegiň artmagy, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün etmek zerurlygy ýaly umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi.
Gurak howa şertli sebitde ýerleşýän Aşgabat üçin suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologik talaplara laýyk gelýän gurluşygy alyp barmak ileri tutulýan ugurlardyr. Şäher häkimi sanly özgertmeleriň serişdelerden peýdalanmagyň netijeliligini we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýandygyny hem nygtady. Bu ugurda akylly ulag ulgamlary, sanly şäher hyzmatlary we inženerçilik ulgamlaryna gözegçilik tehnologiýalary möhüm ähmiýete eýedir.
Şäher häkimi duşuşygyň mowzugynyň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlary bilen, hususan-da, şäherleriň howpsuzlygyny, ýaşaýyş üçin amatlylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýan 11-nji Durnukly ösüş maksady bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Rahym Gandymow şu ýylyň maý aýynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly halkara maslahatynyň çäklerinde hem BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynyň geçirilendigini ýatlatdy. Häzirki duşuşyk şol dialogyň dowamy bolup, onda şähergurluşyk, senagat, energiýa netijeliligi we ekologik durnuklylyk meseleleriniň özara baglanyşygyna aýratyn üns berilýär.
Şäher häkimi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energiýa tygşytlaýjy gurluşygy, durnukly infrastrukturany ösdürmegi, şäher hojalygyny sanlylaşdyrmagy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy we ekologiýa taýdan howpsuz ulag ulgamyny döretmegi görkezdi.
«Şäherleriň durnukly ösüşini diňe bir milli tagallalaryň hasabyna üpjün etmek mümkin däl. Munuň üçin giň gerimli hyzmatdaşlyk, özara ynam we tejribe alyşmak boýunça yzygiderli gatnaşyklar zerurdyr» diýip, Rahym Gandymow belledi.