Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda yzygiderli dialogy, şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi, şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň arasyndaky amaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.