«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň kompaniýalar toparyna girýän «Garagum Tranzit» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä (CIET-2026) gatnaşdy. Şeýle-de kärhana ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli guralan CIET-2026 halkara forumynyň hemaýatkärleriniň biri hökmünde hem ykyş etdi.
«Garagum Tranzit» adynyň özboluşly manysy bar. Garagum diňe bir geografik at bolman, eýsem, Türkmenistanyň taryhy, tebigaty we milli özboluşlylygy bilen aýrylmaz baglanyşykly nyşanlaryň biridir. Bu at kärhananyň ata Watanymyza bolan baglanyşygyny, ösüşe we öňe gitmäge bolan ymtylyşyny şöhlelendirýär.
2021-nji ýylda ulag we logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kompaniýa hökmünde döredilen «Garagum Tranzit» hojalyk jemgyýeti iş ugurlaryny yzygiderli giňeldip, tehniki mümkinçiliklerini artdyrdy we soňra işini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly gurluşyk pudagyna hem girişdi. Häzirki wagtda jemgyýet logistika ulgamynda toplan tejribesini öz önümçilik we tehniki mümkinçilikleri bilen utgaşdyryp, ýol gurluşygy we infrastruktura desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýär.
CIET-2026 halkara forumynyň çäklerinde hojalyk jemgyýetiň wekilleri B2B we B2G görnüşlerinde birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini, gurluşyk pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem-de bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.