Turkmenportal logo
Şu gün 17:01
10141014
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Ärdogan Günorta Koreýa sapar bilen bardy
Surat: aa.com.tr

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýeniň çakylygy boýunça paýtagt Seula bardy diýip, «Anadolu Ajansi» agentligi habar berdi.

Türki lideriniň 4-nji noýabra çenli dowam etjek saparynyň dowamynda Günorta Koreýanyň döwlet Baştutany bilen resmi duşuşygy bolar. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda strategik gatnaşyklaryň giň jähetleri ara alnyp maslahatlaşylar, sebit we ählumumy meseleler boýunça pikir alşylar, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ylalaşyk-hukuk esaslaryny berkitjek ylalaşyklara gol çekiler diýlip, habarda bellenýär.