Turkmenportal logo
Şu gün 13:47
22802280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Guterriş: Adamzat howanyň üýtgemegine garşy göreşde heniz utulýar
Surat: tass.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzat heniz howanyň üýtgemegine garşy göreşde utulýar diýip hasaplaýar.

Baş sekretaryň bu barada «El Pais» ispan gazetine interwýusynda: «Häzirki pursatda biz henizem utulýarys. Biz häzirem howa zyňyndylaryň iň ýokary derejä ýeten döwründe ýaşaýarys, 1,5 gradus bosaga (howanyň derejesiniň senagatlaşmakdan öňki derejeden ýokarlanmagy) ýetmegimiz üçin belli bir wagt gerekdigi eýýäm aýdyň görünýär» diýen sözlerini TASS agentligi getirýär.

«Ýöne ylym, yldysadyýet we howpsuzlyk biziň tarapymyzda – diýip, Guterriş sözüni dowam etdi: - Iň arzan elektrik energiýasy munuň özi gaýtadan dikeldilýän çeşmeler arkaly alynýandyr. Ylym örän oňyn ugurda ösýär».

BMG-niň Baş sekretarynyň pikirine görä, gazylyp alynýan ýangyjyň döwri tamamlanyp barýar.