Turkmenportal logo
Şu gün 13:42
22602260
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar
Surat: theannapurnaexpress.com

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S.Pol Kapuryň Aşgabat şäherine sapary meýilleşdirilýär. Bu barada «Trend» ýazýar.

Habarda bellenilişine görä, S.Pol Kapuryň ýolbaşçylygyndak wekiliýet 2 — 9-njy noýabr aralygynda Aşgabatda we Londonda saparda bolar. Saparyň dowamynda amerikan wekiliýeti Türkmenistanda amerikan maýa goýumlaryny we täjirçilik işlerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.

Hususan-da, 4-5-nji noýabrda ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen bilelikde ABŞ-Türkmenistan Geňeşiniň biznes-sapary göz öňünde tutulýar. Bu çäre ýyllyk ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň çäginde guralýar.