Turkmenportal logo
Şu gün 12:16
39473947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Awstriýanyň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň täze ilçisi işe başlady. Has takygy, 2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etýen Berhtolddan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyp adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň,  söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etýen Berhtold Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.