Turkmenportal logo
Şu gün 10:40
43234323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen gümrükçileri Brýusselde «Akylly gümrük» maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen «Akylly gümrük» taslamasynyň ählumumy maslahatynyň işine gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

26 — 30-njy oktýabr aralygynda Halkara maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanda «akylly» gümrügi döretmek, gümrük işinde sanly hyzmatlary we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen maslahata gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda Türkmenistanyň gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça esasy ugurlary, şol sanda Gözegçilik-seljeriş merkeziniň döredilmegi, «ASYCUDA World» we «Bir penjire» ulgamlarynyň binýadynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy barada maglumat berildi. Şeýle hem halkara ýük daşamalarynda howpsuzlygy üpjün etmegiň kämil tehnologiýasy bolan GPS tehnologiýalaryň işe girizilmegi, daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen deslapky maglumatlaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygynyň giňeldilmegi barada bellenildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça Türkmenistanda gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi we bu ugurda tejribeleriň paýlaşylmagyna uly gyzyklanma bildirildi.