Turkmenportal logo
Şu gün 10:32
27262726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistanda Jenap Patlu atly blogeriň agşamlygynda basgy döredi
Surat: gazeta.ru

Pakistanda nika toýunyň öňüsyrasynda ýerli meşhur bloger, Jenap Patlu diýen at bilen tanalýan Ansar Jattyň agşamlygynda emel gelen basgyda iki adam heläk boldy, 18 adam ýaralandy. Bu barada EFE agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Sialkot şäheriniň polisiýasynyň metbugat kätibi Hurram Şehzadyň gürrüň bermegine görä, bloger agşamlykda awtoulag, 50 motosikl we 180 amerikan dollaryndan durýan 50 sany pul sylagynyň oýnaljakdygyny yglan edipdir. «Guramaçylar giriş gapysyny ýapypdyrlar, birdenem ony açypdyrlar, bu bolsa adamlaryň basgysyna getiripdir» diýen polisiýa işgäri agşamlyga 5 müňden gowrak adamyň ýygnanandygyny aýtdy.

Sialkotyň häkimiýetleri Jatty hem goşmak bilen, dokuz adama, şeýle-de çäräni geçirmek üçin berlen rugsatnamanyň şertlerini we howpsuzlyk düzgünlerini bozandyklary üçin şahsyýetleri kesgitlenmedik 40-dan 50-ä çenli goragçylara aýyplama bildirdiler. «Polisiýa alty sany şübhelenýäni tussag astyna aldy, Jenap Patly gözleýäris» diýip, Şehzad sözüniň üstüni ýetirdi.

Jenap Patlu gaçgaklykda. Ol sosial torlarda wideorolik çap etdi, onda özüniň heläkçilikli wakadan soňra halys ýalňyz galandygyny aglap gürrüň berýär.