Turkmenportal logo
Düýn 22:57
69276927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi  

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp, goňşy ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de EYR-niň daşary işler ministriniň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklary asyrlara uzap gidýän taryhy we medeni köklerden gözbaş alýar. Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.