Turkmenportal logo
Şu gün 17:27
37203720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TSSE-de Günorta Afrika Respublikasynyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçysy bilen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombelanyň (oturýan ýeri – Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berdi.

31-nji oktýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri, esasy iş ugurlary hem-de ýurduň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmagyň möhümdigini bellediler. Aýratyn-da, Günorta Afrika Respublikasynyň bazary Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we täze söwda ugurlaryny özleşdirmek babatda geljegi uly ugur hökmünde bellenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.