Turkmenportal logo
Şu gün 16:46
43504350
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly hünärmenler muzeý işi boýunça ABŞ-nyň tejribesini öwrenýärler

17-nji oktýabr — 7-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň muzeý işgärleri, ylmy-medeni edaralaryň wekilleri hem-de medeni mirasy goramak boýunça hünärmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär saparyny amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, hünär sapary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw saparlary» atly maksatnamasynyň «Medeni miras» sebitara taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Maksatnamanyň esasy hünär maksatlary medeni mirasy gorap saklamak we muzeýleri dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden, sergileri meýilleşdirmek we olaryň dizaýnyny taýýarlamak, muzeý desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesini alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem bu çäre ABŞ-nyň muzeýleri we ylmy-medeni edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli onuň taryhy-medeni üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir.
Hünär saparynyň ilkinji tapgyry Waşington şäherinde amala aşyryldy. Bu döwürde wekiller medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Hünär sapary Los-Anjeles şäherinde dowam edip, Pol Getti adyndaky merkezde we Getti muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Muzeýiň Antik döwrüň eksponatlaryny dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşdylar.