Türkmenistanyň türgeni Dawut Nazmyradow «Moskwa – Karate älemi 2026» atly halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Karate-do federasiýasyna salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Ýaryş Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde geçirildi. Moskwanyň Sport departamenti we Russiýanyň Karate federasiýasy bu ýaryşyň bilelikdäki guramaçylary bolup çykyş etdi. Halkara ýaryşyna 46 ýurtdan 348 türgen gatnaşdy. Olaryň hatarynda Olimpiýa oýunlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri, dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem bar.
Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussadyna dalaşgär 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Toparlaýyn tapgyrda Dawut Nazmyradow Yrakly Said Braýar bilen geçirilen tutluşygy 5:5 hasabynda deňlikde tamamlady. Soňra ol Russiýanyň wekili Iwan Sokolowy 4:0, Serbiýanyň wekili Nikola Kaplarewiçi bolsa 2:0 hasabynda ýeňdi. 1/8 final tapgyrynda türkmen türgeni eýranly Morteza Nematiden 1:2 hasabynda ýeňildi we teselli beriji ýaryşda göreşini dowam etdirdi. Bu tapgyrda ol russiýaly Dmitriý Solomkony 3:0 hasabynda ýeňdi. Bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa Özbegistanyň wekili Mamaýusuf Mukimjonowy 3:1 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Dawut Nazmyradow ilkinji gezek 2022-nji ýylda özüni tanatdy. Şonda ol 18–24 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem Berlinde geçirilen «Banzai International Cup» halkara ýaryşynda we Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda medallara mynasyp boldy. 2024-nji ýylda ol Manilada geçirilen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň ýaşlar çempionatynda we Hançžou şäherinde geçirilen ulularyň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy. Mundan başga-da, Ürgençde geçirilen «Uzbekistan Open» halkara ýaryşynyň we Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şu ýylyň güýzünde karateçi Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu medal Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şol ýaryşda gazanan iki kümüş medalynyň biri boldy.
Türgen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
«Moskwa – Karate älemi» halkara ýaryşy şu ýyl bäşinji gezek geçirildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle ýokary derejeli ýaryşlar halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, tejribeli we ýaş türgenlere bolsa güýçli bäsdeşlik şertlerinde gymmatly ýaryş tejribesini toplamaga mümkinçilik döredýär.