Turkmenportal logo
Düýn 09:47
89628962
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bank işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly şygar astynda geçirilen çäre Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň maslahatlar zalynda guraldy. Ol milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň esasy maksady bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny we intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, ykdysadyýetiň we maliýe ulgamynyň dürli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanýan zehinli işgärleri ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň bank işgärleri özara bäsleşdiler. Ikinji tapgyrda bolsa Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklaryň merkezi edaralarynyň işgärleri bäsleşdiler.

Hünär bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlaryna bank ulgamynyň tejribeli hünärmenlerinden, şeýle hem professor-mugallymlardan düzülen eminler topary tarapyndan adalatly we bitarap baha berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlar aşakdaky tertipde ýerleşdi:

Welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň bank işgärleriniň arasynda:

  • I orun – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýat şahamçasy;

  • II orun – Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy;

  • III orun – Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasy.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklaryň merkezi edaralarynyň işgärleriniň arasynda:

  • I orun – Türkmenistanyň Merkezi banky;

  • II orun – «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky;

  • III orun – Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy — diýlip, neşirde habar berilýär.