Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmаnowa Türkmenistanda täze bellenen Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombelanyň ynanç hatlaryny kabul etdi.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ugurlary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Lungisani Dominik Ntombela öz ýurduna dünýäde çalt depginler bilen ösýän we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanda wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Mundan ozal Lungisani Dominik Ntombelanyň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurandygy habar berlipdi.