30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda «Öz işiniň ussady» atly hünär bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Aragatnaşyk ministrligi we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy tarapyndan yglan edildi.
Bäsleşige agzalan edaralaryň welaýatlarda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady işgärleriň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetiriş derejesini kesgitlemekden, olaryň hünär başarnyklaryny we iş tejribesini ýüze çykarmakdan, şeýle hem zähmet düzgün-nyzamynyň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berjaý edilmegi arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Mundan başga-da, bäsleşik zähmet toparlarynyň agzybirligini berkitmäge, kärdeşler arkalaşygynyň medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine işjeň gatnaşýan işgärleri höweslendirmäge gönükdirildi.
Ýeňijiler ýörite döredilen iş topary tarapyndan kesgitlenildi. Onuň düzümine edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ilkinji kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklary, şeýle hem zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümleriniň hem-de işgärler gulluklarynyň ýolbaşçylary girizildi. Her bir zähmet toparyndan «Öz işiniň ussady» diýen ada mynasyp bolan üç işgär we aýratyn tapawutlanan bir işgär saýlanyp alyndy. Bu işde olaryň köpýyllyk halal zähmeti, zähmet düzgün-nyzamyny we howpsuzlyk talaplaryny berjaý edişi, kärdeşler arkalaşygynyň çärelerine gatnaşmagy hem-de kärdeşleriniň arasyndaky abraýy göz öňünde tutuldy. Ýeňijileriň sanawlary zerur resminamalar bilen bilelikde 27-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine iberildi.
Çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Soňra «Laçyn» halk döredijilik toparynyň aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler.