Turkmenportal logo
Düýn 23:45
36773677
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Türkiýede geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanylan halkara sergä gatnaşar

Noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawiliony gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilionyna ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda ýurtda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanylan halkara sergisine ýurduň milli pawiliony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.