Turkmenportal logo
Düýn 23:41
36513651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek tabşyryldy

Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň sebitleriniň, şol sanda Balkan welaýatynyň sarp edijilerini hem-de welaýatyň çäginde ýerleşýän nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen energetika pudagy tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,  wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutany ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.