Turkmenportal logo
Düýn 23:33
32473247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär  

Türkmenistanda Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurtda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.